• Oktýabr 29, 2026 16:40
  • Telefon belgi: 756570; 756569; 756562
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi
neutrality.gov.tm
  • BIZ BARADA
  • DALAŞGÄRLERE
  • TALYP DURMUŞY
  • HÜNÄRLER
    • Nakgaşçylyk
    • Grafika
    • Sahna bezegi
    • Dizaýn
    • Çeper dokaýyş
    • Metaly çeper bejermek
    • Agajy çeper bezemek
    • Çeper keramika
    • Heýkeltaraşlyk
  • MAKALALAR
  • TÄZELIKLER
  • Multimedia
    • Surat
    • Wideo
  • Habarlaşmak
Surat
Hojahanow Hosgeldi
Türkmenistanyň hünär tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda "Türkmenistan-rahubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy" atly XVI Spartakiada düzümindäki sportuň "Suwda yüzmek" görnüşi boýunça oglanlaryň arasynda geçirilen yaryşda III orna mynasyp bolan Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Hojahanow Hoşgeldi.
awaza
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabryndan 9-njy oktýabryna çenli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda (Türkmenistan) birnäçe iri halkara duşuşyklar, sammitler we forumlar geçirildi. Bu çärelere Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Sapargeldiýew Şöhrat gatnaşdy.
1-nji yer
Aýlar Berdiýewa we Sewilýa Guseýnowa 2026-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň armrestling boýunça çempionatynda, uly ýaşlylaryň arasynda sag el boýunça 80 kg agram derejesinde birinji orny eýelediler.
2 sentyabr
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň we okuwçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda, Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle hem täze okuw ýylyna bagyşlanan okuw sapagyna bagyşlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Milli Liderimiziň ýaş nesliň watançylyk, ylym-bilim we milli gymmatlyklar ruhunda terbiýelenmegi ugrunda öňde goýan belent wezipeleri hem-de gymmatly nesihatlary we beýan eden esasy ugurlary barada çuňňur maglumatlar berildi. Şeýle hem ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde ýaşlaryň ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary öz gezeginde döredilip berýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
“Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy”
2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty çäklerinde geçirilen “Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy” atly ahalteke bedewleriniň gözelligini gyzykly beýan edýän halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda terbiýeçilik işi bilen Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Arslan Sähedow I-nji orny eýeledi.
Turksoy sergi
Türki döwletleriň arasynda geçirilýän iň iri TÜRKSOÝ festiwaly 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 20-24-ne Özbegistanyň paýtagty Taşkent şäherinde Çeperçilik akademiýasynyň gatnaşmagy bilen bilelikde gurnalýar. Bu gündogar halklarynyň sungatyny birleşdirýän iri festiwalyna Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýaş zehinli hünärmen mugallymlary Gurban Babatäjow bilen Sytdyhow Aly özleriniň uly göwrümli ajaýyp taryhy eserleri bilen gatnaşdylar. Gurban Babatäjow “Altyn hatyn” atly eseri TÜRKSOÝ festiwalynyň Ýörite baýragyna mynasyp bolýar. Sytdyhow Aly hem öz gezeginde abraýly hormat hatyna eýe bolýar.
Turksoy
Türki döwletleriň arasynda geçirilýän iň iri TÜRKSOÝ festiwaly 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 20-24-ne Özbegistanyň paýtagty Taşkent şäherinde Çeperçilik akademiýasynyň gatnaşmagy bilen bilelikde gurnalýar. Bu gündogar halklarynyň sungatyny birleşdirýän iri festiwalyna Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýaş zehinli hünärmen mugallymlary Gurban Babatäjow bilen Sytdyhow Aly özleriniň uly göwrümli ajaýyp taryhy eserleri bilen gatnaşdylar. Gurban Babatäjow “Altyn hatyn” atly eseri TÜRKSOÝ festiwalynyň Ýörite baýragyna mynasyp bolýar. Sytdyhow Aly hem öz gezeginde abraýly hormat hatyna eýe bolýar.
bedew
bedew sergi
medal
medal
22.03.2026
Abdylla mugallym
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi

Habarlaşmak

Salgymyz:
Elektron salgy: tdycm.art@sanly.tm
tel.: 756570; 756569; 756562
© 2025 Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi