Sergi

“Parahatlyk sungat bilen gül açýar”

    Ýurdumyzyň ösüşi her bir güni belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzda toý-baýramlarynyň goşadan toýlanmagy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni has-da şöhlelendirip, kalplara çäksiz joşgun eçilýär. Milli medeniýetimiziň we şekillendiriş sungatymyzyň pajarlap ösýän döwründe halypalaryň we ýaş suratkeşleriň döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän sergileriň açylmagy, sungatyň dürli görnüşleri boýunça kämilleşmegine uly itergi berýär. Şeýle ajaýyp özboluşly sergileriň biri fewral aýynyň 18-ne Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň sergiler jaýynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň “Parahatlyk sungat bilen gül açýar” atly döredijilik sergisi gurnaldy.

    Sergide 30-dan gowrak halypa we ýaş mugallymlaryň şekillendiriş sungatynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär. Suratkeşler öz eserlerinde türkmen halkynyň bagtyýar we parahat durmuşyny, şöhratly taryhyny we medeni mirasyny, ýurdumyzyň batly gadamlaryny, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, agzybirlik ýörelgelerini wagz edýärler. Sergide her mugallym öz döredijilik ýoly we döreden täze eserleri bilen şekillendiriş sungatyna mynasyp goşandyny goşýarlar.