Erzurum welaýatynyň Spir şäherinde
Türki dünýäsiniň 9-njy simpoziumy geçirildi
Ýaňy ýakynda, ýagny 2025-nji ýylyň 14-30-njy sentýabr aralygynda Turkiýada Erzurum welaýatynyň Spir şäherinde halkara simpozium geçirildi. Bu simpoziumda Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň agzalary, şeýle-de medeniýet we sungat ulgamyna degişli wekilleri gatnaşdylar.
Spir şäherinde geçirilen 9-njy simpoziuma Türki dünýäsiniň, ýagny Türkmenistan, Azerbeýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Turkiýanyň we başgada bir näçe döwletlerden gelen sungat ussatlary, heýkeltaraşlary gatnaşdylar. Bu simpoziuma Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Çary Amanow hem gatnaşdy. Ol şekillendiriş sungatyna degişli mermer daşyndan döreden heýkel eserini uly göwrümde, ýagny “Gorkut ataň” keşbini (ölçegi 230*100*100) açyp görkezmäge çalyşdy, bu ýerde türkmen halkynyň gecmişde yz galdyran şahsyýetiň keşbi, halkymyzyň ygtybarly hakydasy bolup cykyş edýär. Ata-babalarymyzyň medeni ruhy bilen baglanyşykly edilýän bu işler ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap terbiýe bermekde örän wajyp orun eýeleýär.
Bu halkara simpoziumda heýkeltaraşlaryň agaçdan we daşdan ýasan heýkellerinde döwletleriň ösüşini zähmetde gazanýan üstünliklerini we taryhy keşplerini görkezmek bilen şol döwletleriň gadymyýeti hem häzirki döwri deňeşdirmek hem-de häzirki döwürdäki barýan üstinligi, ösüşleri görkezmäge maksat edinip, öz duýgulary boýunça, wasp edişi boýunça ýerine ýetiripdirler. Simpoziumda görkezilen eserleriň ählisi çykyş edýän heýkeltaraşlaryň iş usullary bilen bagly bolup durýar we şol usullaram bir-birine ýakynlygy, bir-birine kömek berýändigi, bir-birine goltgy berip, bir toplum eser ýaly bolup seredýändigi göz öňüne tutup, şol eserleri bir ýere jemläp tomaşaçylara görkezmegi maksat edindiler.
Ajaýyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda heýkeltaraşlyk sungaty kalbyňy heýjana getirýär. Bu täsin hem müdimi sungata bolan çäksiz sarpa, Hormatly Prezidentimiziň adyl hem parasatly syýasatlarynyň netijesinde gülläp ösýän, özgerýän eziz Diýara bolan söýgi, buýsanç duýgulary gaplap alýar.
Şular ýaly halkara simpoziumlara gatnaşmak üçin, gurap, şeýle öz halkyna hem-de dünýä yurtlarda türkmen sungatyny hödürläp, görkezmäge mümkinçilik döredýändigi üçin Hormatly Prezidentimize köp-köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag , ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn.
Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň
mugallymy Amanýaz Kulyýewa
