Bedew sergi

 

    Şekillendiriş sungatynda ganatly bedewleriň köp öwüşginli waspy.

 

  • TÄSIN  WE KÖPDÜRLI MEDENI – RUHY BAÝLYKLAR HALKLARYDYR  MILLETLERI  BIRI-BIRI BILEN ÝAKYNLAŞDYRÝAN HEM-DE BÄGLANYŞDYRÝAN  ESASY GYMMATLYKLAR BOLUP DURÝAR. BIZIŇ MÜŇÝYLLYKLARYŇ DOWAMYNDA SÜNNALENIP, KÄMILLIK DEREJESINE ÝETIREN MILLI MIRASYMYZYŇ, TANYMAL ŞAHSYÝETLERIMIZIŇ DÖREDIJILIGINIŇ BU GÜN PARAHATÇYLYK, DOST-DOGANLYK, HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGELERINI ROWAÇLANDYRMAKDA, BITARAP TÜRKMENISTANYŇ DÜNÝÄ GIŇIŞLIGINDÄKI ABRAÝYNY  HAS-DA  PUGTALANDYRMAKDA  ÖRÄN  MÖHÜM  ÄHMIÝETI BARDYR.

     

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynşy döwri Halkara parahatçylyk we ynanşmak ýylynda kalbyňy buýsanja besleýän wakalar  bilen döredijilik öwüşgünlere beslenýär. Bu döwür döretmegiň, özgermegiň we kämilleşmegiň eýýamydyr. Ýurdymyzyň ykbalyndaky gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak bu günki özgerişleriň özeninde hemişelik  Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren çäksiz mümkinüilikleri bilen jemlenendir. 

     Türkmen halkynyň Bitaraplyk syýasaty pederlerimiziň milli ýörelgelerine esaslanýar. Dünýa ýüzünde iň ajaýyp ýol nesilleriň-nesillere rowana görýän ýoludyr. “Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir tutumly işleriniň mysalynda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudygyna göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň durmuşda özbaşdak orun eýelemeklerini we hünär taýdan kämilleşmeklerini goldamak maksada gönükdirýär. Döwletimiz ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 

     Türkmenistanda ýokary bilim edaralary bilen bir hatarda, orta bilim edaralarynyň sany ýyl saýyn artdyrylýar. Okuw maksatnamalary halkara ülüňlerine laýyklykda, milli bilim derejesine maksuslyk bilen ösdürilýär. Şeýle-de olara daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçilikleri döredilýär. Türkmen ýaşlary halkara derejesinde ylym-bilim ulgamynda döredijilikli üstünlikleri gazanýarlar. Bu günki gün beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlar, Türkmenistan döwletimiziň, jemgiýetimiziň ösmeginde we özgermeginde şu güni, ertiri we geljek dowamatynyň sarsmaz sütin bolup durýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde-de röwşen ertirimiziň dowamaty bolan, belent arassa ahlakly, sagdyn bedenli, sowatly we giň dünýägaraýyşly zähmetsöýer, watansöýüji ýaşlara hünär öwretmekde döwrebap bilimleri özleşdirmeklige uly ähmiýet berilýär.

       Çeperçilik sungatynyň hünär ugrlaryna islegli, hujuwly ýaş suratkeşler  TDÝÇM – iň gapysyndan ätleýär. Bu mekdepde olar 4 – ýyl hünär we hünäre ugrdaş bilimleri alýarlar. Çeperçilik bilmi bermek usullary we ony talyplaryň özleşdirmek başarnyklarny kämilleşdirmek, mekdebiň taryhyna siňip gelýän okuw bölüminiň hem-de usuly birleşme toparlarynyň tagallalarynda milli bilim ulgamynyň talaplarynda döwrebap  kämilleşdirilýär. Birnäçe ýyllaryň dowamynda TDYÇM-debine  siňdirilen zähmet öz milli miwesiniň netijesini görkezip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mekdewmiziň durmuşynda aýratyn tutumly özgertmeler  başlangyçlary ýola goýulýar.  Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, halypa   nakgaş Gunça Myradowa Mahmudownanyň guramaçylyk etmeginde mekdebimizde nakgaşçylyk, teatr-haşam nakgaşçylygy, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň görnüşleri ýaly bölümler boýunça bilim berilýär. Şu ugrlar esasynda talyplara sungatyň 9 hünäri boýunça hünärmenler  ýetişdirilýär. Döwrebap meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, okuw mekdebiniň ussat mugallymlary uly işleri amala aşyryp gelýärler. Olar okuw-terbiýeçilik, ylym-bilim hem-de nazary bilimleri amaly-döredijilik işleri bilen berk baglanyşykda alyp barýarlar.

        Şu nukdaý nazarda mekdebimiziň mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik işleriniň sergileri guralyp durýar. Talyplar ýurdumyzda her ýyl yglan edilýän döredijilik bäsleşiklere özleriniň öwreniji işleri bilen gatnaşýarlar. Berkarar döwletimizde halkymyzyň göwün buýsanjyna öwrülen behişdi  bedewlerimiziň şan-şöhratly baýramçylygy her ýyl dabaraly bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň karary bilen döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşik yglan edilýär. Ona şekillendiriş sungatynyň ähli ugrynda döredijilikli işleýän halypalar we ýaş suratkeşler öz döreden eserleri bilen gatnaşýarlar. Şonuň ýaly bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyp ýaşlarynyň döreden eserleriniň sergisi mekdebimiziň çäginde guraldy. 

         Sergä mekdebimiziň ähli bölümlerinde hünär bilimlerini özleşdirýän talyplaryň aglabasy gatnaşdylar.Sergä gatnaşdyrylan öwrenijilikli döredijilik işler dürli temada, dürli hünär ugur aýratynlygynda ýerine ýetirlenligi bilen tapawutlanýar. Şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda hödürlenýän bu köpmanyly eserlerde, türkmen seýisçilik sungaty, athanalar, atçylyk sport sungaty, baýramçylyk görnüşler, taryhy beýanlar, medeni durmuşy we tebigy pursatlar çeper beýan etmeler  bilen sazlaşykly görkezilýär. TDÝÇM-niň çäginde  talyplaryň bedew baýramçylygy mynasybetli döreden eserlerinden guralan sergi bäsleşikli geçirildi. Sergä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň  we Tçrkmenistanyň kärdeşler arkadaşlygynyň wekilleri bilen bilelikde geçirildi. Olar talyp ýaşlary sergilenen ajaýyp işleri bilen gutladylar. Ýurdumyzyň medeni döredijilik ulgamlaryndaky ýaş talyp oglan gyzlaryň mynasyp orunlary barada, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler we howandarlyklar hakynda bellemek bilen talyplary tanyş etdiler we olara geljekde döredijilik üstünliklerni arzuw etdiler.

        Mekdebimiziň talyplar köpçiliginiň gatnaşmagyndaky bu sergilenen eserler dürli ugurda, köp many-mazmun baglanşygynda, sazlaşyk ýerleşdirme gatnaşygynda we reňk berme mazmun ösdürmeler bilen tapawutlanýar. Olarda çäksiz duýgular beýan açyk aýdyňlygy bilen görkezilýär. Olaryň her biri hünär ugur aýratynlygy bilen şowly ýerine ýetirlen. Talyplar halypa mugallymyň ündew bermegi bilen özleşdiren temasyny aýdyňlaşdyrýar we öz başarnygny görkezýär. Şonuň esasynda döredilip sergilenen bu eserler kino lentasy ýaly bedewler hakynda çeper döredijiligi ýaýýar. Tomaşaça tükeniksiz ruhy lezzeti we gymmat duýgulary eçilýär. Şu baý pursatlary döretmek bilen bu ajaýyp sergi maksadyna ýetdi. TDÝÇM-de geçirlen sergi hoşallyk bilen kalplara doldy. Talyplarda bolsa tolgunma bilen döredijilige ymtylyş erjellik duýgular galdy. Bu üstünlikler ýaş talyplaryň geljekde özbaşdak işlemeklerine uly ynam döredýär. Bu ädimler  olary durmuş döredijilik ýöluna atarýar. Biz hem talyplarmyza öwrenijilikli döredijilik işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň saýasynda ak ýol arzuw edýäris.

     

 

TDÝÇM-in mugallymy Berdiýewa Oguljan.