20.10.2025

Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

 

Ýaňy ýakynda, ýagny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň oktýabr aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Genje şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Ata-babalarymyzyň medeni ruhy bilen baglanyşykly edilýän bu işler ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap terbiýe bermekde örän wajyp orun eýeleýär we ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklarymyzdaky ahmiýetini ardyryp, halklarynyň jebisliginiň pugtalandyrylmagyna, edebiýatyň, medeniýetiň, sungatyň döwrebap ösdürilmegine uly itergi berýär. 

Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine gatnaşan wekilleriň arasynda hem Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Şöhrat Sapargeldiýew özüniň türkmenleriň bezeg we amaly haşam sungatynyň häzirki zaman ösüşine we täsirine bagyşlanan işleri bilen çykyş edip, Türkmeniň milli medeniýetinde möhüm rol oýnaýan zergärçilik sungatyndaky esasy däp-dessurlary we täzelikleri görkezýär. Şöhrat Sapargeldiýewiň işleri globallaşmagyň täsiri, täze tehnologiýalary ulanmak we adaty elementleriň häzirki zaman bezeg taslamalaryna goşulyşmagy ýaly sungatyň häzirki tendensiýalaryna gabat getiripdir. Onuň işlerinde Türkmenistanyň bezeg we amaly haşam sungatlarynyň milli özboluşlylygyny goramak we halkara arenasyda ykrar edilmegi üçin ähmiýeti hem nygtalýar.