2026-njy "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at- myradyň mekany" ýylynyň sentýabr aýynyň 1-ne, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde "Talyp ýaşlar we bilimler güni" mynasybetli baýramçylyk dabara geçirildi. Dabara mekdebimiziň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar. Baýramçylyk dabaranyň başynda mekdebimiziň direktory G. Myradowa talyp ýaşlary we mugallymlary täze okuw ýylynyň başlanmagy we bilimler güni bilen gutlady we Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlara we bilim işgärlerine iberen gutlagyny okady. Dabaranyň dowamynda mekdebimiziň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde edebi sazly çykyşlar hem görkezildi.
