Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi TSSR-iň Halk magaryf komissarlygynyň karary esasynda 1931-nji ýylyň 7-nji noýabrynda, Aşgabat şäheriniň Çeperçilik uçilişşesi ady bilen döredilýär we uçilişşä Şota Rustaweliniň ady dakylýar. 1994-nji ýyldan başlap, uçilişşe Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-indäki 1552 belgili kararyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň garamagyna berlip, ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesi ady bilen hereket edýär, 2002-nji ýylyň aprel aýyndan bäri, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 2002-nji ýylyň 11-nji aprelindäki 22-D belgili buýrugyna laýyklykda, uçilişe Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi - diýlip atlandyrylyp başlandy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi Aşgabat şäheriniň Statistika müdirligi tarapyndan 1994-nji ýylyň fewral aýynyň 8-ine 9196 belgili şahadatnama esasynda ilkinji gezek hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi mekdebiň Esaslandyryjysy bolup, onuň hukuk salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 461-nji jaý. Ministrlik Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplarv we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan 2011- nji ýylyň dekabr aýynyň 5-ine 24248682 belgi bilen hasaba alyndy.
Mekdep Türkmenistanyň medeniýet, bilim ulgamlary we döredijilik toparlary hem-de birleşmeleri üçin orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýan döwlet bilim edarasydyr.
Okuw mekdebimiziň talyplarynyň sanawy 16.01.2025-nji ýylyň ýagdaýyna – 257 talyp. Olaryň 187 – sanysy býudjet esasynda we 70 – sanysy tölegli esasda okaýar.
2024-2025-nji okuw ýylynda mugallym işgärler – 52 sany (şol sanda 1 sany sagatlaýyn). Häzir ýokary derejeli mugallym - 5 sany, birinji derejeli - 1 sany we ikinji derejeli – 17 sany mugallym bolup durýar.
Okuw mekdebimizde 4 (dört) ýyl okaýarlar we “Ýörite orta bilim hakynda Diplom” berilýär. Okuw mekdebimizde ugur 8.53.00.00 “Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri” boýunça 9 sany hünär boýunça hünärmen taýýarlanýar:
8.53.02.02 Nakgaşçylyk (görnüşleri boýunça);
8.53.02.03 Grafika (görnüşleri boýunça);
8.53.02.05 Sahna bezegi;
8.53.02.06 Dizaýn (görnüşleri boýunça);
8.53.02.07 Çeper dokaýyş;
8.53.02.08 Metaly çeper bejermek;
8.53.02.09 Agajy çeper bezemek;
8.53.02.10 Çeper keramika;
8.53.02.11 Heýkeltaraşlyk.
I. Býujet esasynda:
1.Nakgaşçylyk.
II. Tölegli esasda:
1.Nakgaşçylyk.
2.Dizaýn.
3.Sahna bezegi.
4.Agajy çeper bezemek.
Okuw binasy boýunça:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň 2020-nji ýylyň 26-njy oktýabryndaky 7/37849 belgili we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 29.10.2020-nji ýyldaky 2-04/5854 belgili tabşyryk hatlary esasynda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň Okuw binasyny Aşgabat şäher Häkimliginiň hasabynda duran ozalky A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine wagtlaýyn göçürildi.
Okuw binasynyň tutýan umumy meýdany: 2754,69 ined.m., 2(iki) gat.
Binanyň gurlup tabşyrylan ýyly- 1968-nji ýylda, binanyň durky (kerpiç)
Binanyň mekdebe berlen ýyly: - 2020-nji ýylda
Binanyň sygymy: 215 orunlyk (çeperçilik hünäri üçin)
Binanyň okuw otaglarynyň sany: 45 otag
Binanyň iş otaglarynyň sany: 11 otag
Binanyň Tükelleýiş kitabynyň dublikaty bar, döredilen ýyly 1968ý, täzeden düzülen 2014 ý.
Binanyň balans degişliligi – Aşgabat şäher häkimligi
Binanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri Aga Berdiýew köçesiniň 127-nji jaýy.